pida

[pida:]

Bir zadyň şanyna ýa-da bir zada tüýs ýürekden berilmek zerarly edilýän gurban, ölüm.

  • Jumagözel agyr pidalara döz gelýärdi. («Sowet edebiýaty» žurnaly)

  • «Ganly söweşiň» pidalarynyň sany sekiz müň adamdan hem geçipdir. (Orta asyrlar taryhy)

  • Täze bagtly durmuşy gazanmak üçin gahrymançylyk görkezmegiň we köp pidalar çekmegiň gerek boljakdygyny Gorkiý bilýärdi. («Häzirki zaman edebiýaty»)

pida bolmak

Janyňy gurban etmek, ölmek.

  • Saňa pida bolsun bu şirin janym, Ýoluňda gurbandyr bu jan, Garybym. («Türkmen Halk Şahyrana Dörendijiligi»)

pida etmek

Biriniň ýa-da bir zadyň ugrunda öz janyny gurban etmek, özüňi öldürmek, güýç sarp etmek.

  • Uly oglunyň aýaly Akjagul hem özüniň ýaş ömrüni şu üç sany ýaş çagasy üçin pida etdi. (A. Gowşudow, Powestler we hekaýalar)