Gözleriňi mölertmek, gözleriňi alartmak.
Men onuň «mylakatlyja» sözüne gözümi petredip, bir iş bolaýsa, gaçara ýer gözledim. («Tokmak» žurnaly)
Artyk gözlerini petredip, töweregine garandy. (B. Kerbabaýew, Aýgytly ädim)
Jan ajygna petredip gözlerini, Gazap bilen turmak üçin omzady. (N. Pomma, Saýlanan eserler)
Soňuna çekimli ses bilen başlanýan goşulmalar ýa-da -ýär goşulmasy goşulanda, sözüň soňundaky dymyk çekimsiz degişli açyk çekimsizine öwrülýär.
Meselem petretmek - petredýär, petreder, petredipdir.