petek

Aýakgabyň içine düşemek üçin ýörite kesilen keçe ýa-da ýukajyk gaýyş.

  • Ol köwşüniň peteklerini kakyşdyryp, ala tozan etdi. Taýlak ýamaly jorabyndaky we köwşüň petegindäki laýlary kakyşdyrdy. (N. Pomma, Taýlak hyzzyn)

Ýazuw düzgüni

Soňuna çekimli ses bilen başlanýan goşulmalar ýa-da -räk goşulmasy goşulanda, sözüň soňundaky dymyk çekimsiz degişli açyk çekimsizine öwrülýär.

Meselem petek - petegi.