petdelenmek işlik

  1. Üýşürip depeläp, petde görnüşine getirilmek, petde-petde edilip goýulmak.

    • Bir gektar ýeriň ýandagy ýyglyp petdelendi.

  2. Petde-petde, küt-küt görnüşinde bogulmak, daňylmak, baglanmak.

    • Gurt gartyň ýassygynyň aşagynda petdelenip ýatan puluň bir çeti görünýärdi. (A. Gowşudow, Mähri-Wepa)

    • Ol öz portfelinden petdelenen dokument çykardy. («Sowet edebiýaty» žurnaly)