[pesa:ý]
Ýuwaşlyk bilen, çalaja (ýel hakda).
Onuň güne ýanan goňur ýaňagyny ýalap geçýän pessaý şemalda gyz gatyşykly salkynlyk duýulýardy. (B. Kerbabaýew, Aýsoltan)
Pessaý şemal gelen wagty, Gozganýar agaç depesi. (R. Seýidow, Bagtlylar)
Ýuwaş, mylaýym, sada.
Klas ýolbaşçysynyň sesi kä çasly, kä pessaý çykýardy. («Sowet edebiýaty» žurnaly)
Emma ahyret sözleri bilen gulagy ganan Halnazara Hojamyň pessaý, naýynjar sözleri aýratyn täsir etdi. (B. Kerbabaýew, Aýgytly ädim)