Beýik dällik, gysgalyk, keltelik.
Onuň boýy birneme peslik edýär.
Pe ýer, çöketlik.
Sokolow pesligiň içi bilen Kerimiň ýanyna geldi. (B. Soltannyýazow, Kümüş)
Hil taýdan kanagatlanarly bolmadyk; kemlik, kiçilik.
Agalar, men ilki günden ýüregimdäkini sizden gizlemegi özüme kemlik we peslik bilýärin. (G. Kulyýew, Köpetdagyň aňyrsynda)
Soňuna çekimli ses bilen başlanýan goşulmalar ýa-da -räk goşulmasy goşulanda, sözüň soňundaky dymyk çekimsiz degişli açyk çekimsizine öwrülýär.
Meselem peslik - pesligi.