Boýuny kemeltmek, tekizligini bozup, bir ýerini çökermek, pes etmek.
Aşak düşürmek, aşaklatmak.
Ýabyň suwyny ekine tarap sowup, onuň zarbyny birneme peseltdiler.
Ýagdaýyny, halyny erbetleşdirmek, ýaramazlaşdyrmak.
Syrkawçylyk adamynyň halyny peseldýär.
Gymmatyny, bahasyny azaltmak, kemeltmek, arzanlatmak.
Bölekleýin satylýan harytlaryň nyrhyny peseltmek.
Ýuwaşatmak, gowşatmak, haýallatmak.
Ol basym sesini peseldip, hemişeki parahat gürrüňine öwürdi. (A. Gowşudow, Powestler we hekaýalar)
Soňuna çekimli ses bilen başlanýan goşulmalar ýa-da -ýär goşulmasy goşulanda, sözüň soňundaky dymyk çekimsiz degişli açyk çekimsizine öwrülýär.
Meselem peseltmek - peseldýär, peselder, peseldipdir.