peselmek işlik

  1. Boýy kemelmek, tekizligi bozulyp, bir ýeri çökmek, pes bolmak.

  2. Aşak düşmek, azalmak, aşaklamak.

    • Agşama ýakynlar daşgyn peselip ugrady. («Sowet edebiýaty» žurnaly)

    • Suwuň meseleni bilen peseleniniň onjakly tapawudyny hem bilip duramok. (B. Kerbabaýew, Aýgytly ädim)

  3. Saglygyň ugry gaçyp başlamak, erbetleşmek, ýaramazlaşmak.

    • Syrkawyň haly peselýär.

  4. Gymmaty, nyrhy azalmak, kemelmek, arzanlamak.

    • Pagtanyň sortuny garyşdyrsak, bahasy peseler. («Bahar»)

  5. Ýuwaşamak, gowşamak, haýallamak.

    • Ýaz ysyn göterip şemaljyk geldi, Şonda ýagýan garyň bady peseldi. («Sowet edebiýaty» žurnaly)