Beýik däl, ýeterlik derejede boýy bolmadyk, aşak.
Pes öý.
Tekiz däl, çöket, ýapgyt.
Pesden beýge dyrmaşan maşynyň güýçli gürrüldisi eşidildi. (N. Pomma, Egri eýikmez)
Orta uzynlykdan gysga bolan göwrümi, ululygy kiçi bolan, kelte.
Pes boýly, ak sakgal, tokgarak kişi, Gerekli wagtynda dünýäden ötdi. (A. Kekilow, Saýlanan eserler)
Eliň abat, aýagyň, işdäň sag, göwräň bir adamdan pes däl. (A. Durdyýew, Saýlanan eserler)
Orta derejä ýetmedik, ortadan aşak.
Baýlygymyz-a pes däldir, şükür, et-ýagymyz, çöregimiz bol. («Edebiýatdan hrestomatiýa»)
Köp däl, ujypsyz, az. Edilen işe pes hak tölemek.
Hil taýdan erbet, kanagatlanarlyk bolmadyk.
Gelin, onuň dogry welin, meniň beýleki halylaryn hem hiçbir halydan pes däldir. (A. Gowşudow, Köpetdagyň eteginde)
Abraý, boluş, gylyk-häsiýet, wezipe, düşünje we ş. m. taýdan beýlekilerçe bolmadyk.
Men hem olardan pes adam däl. («Tokmak» žurnaly)