perzent

Çaga, zürýat, nesil.

  • Men-ä, ene-ataň öz perzendine ýamanlygy ýokdur diýip düşünýän. (B. Kerbabaýew, Aýsoltan)

  • Şol wagt birden onuň göziniň öň önde telpek basyp, bili bükülen Sähet aga peýda boldy-da -- Dünýäde ýeke-ýalyňyz perzendim Kelje, hany onuň meýdi, hany onuň mazary? -- diýip zynharlaýan ýaly boldy. (A. Gowşudow, Mähri-Wepa)

  • Heý ene bolan ene-de öz ýüreginden önen perzendini şeýdermi? (N. Pomma, Taýlak hyzzyn)

Ýazuw düzgüni

Soňuna çekimli ses bilen başlanýan goşulmalar ýa-da -räk goşulmasy goşulanda, sözüň soňundaky dymyk çekimsiz degişli açyk çekimsizine öwrülýär.

Meselem perzent - perzendi.