perwaýsyzlyk at

[perwa:ýsyzlyk]

Aladasyzlyk, ünjüsizlik, tapawutsyzlyk, biagyrylyk, sowuk-salalyk.

  • Aman poşşy perwaýsyzlyk bilen çaý içýärdi. (A. Gowşudow, Saýlanan eserler)

  • Myrat Nepes aganyň alçaklygyny, paýhas bilen berýän maslahatlaryny halasa-da, käbir zatlara perwaýsyzlyk edýändigini ýazgarýardy. (B. Pürliýew, Ilkinji gün)

Ýazuw düzgüni

Soňuna çekimli ses bilen başlanýan goşulmalar ýa-da -rak goşulmasy goşulanda, sözüň soňundaky dymyk çekimsiz degişli açyk çekimsizine öwrülýär.

Meselem perwaýsyzlyk - perwaýsyzlygy.