perwaýsyz sypat

[perwa:ýsyz]

Aladasyz, ünjüsiz, biagry; perhsyz, tapawutsyz, sowuk- sala.

  • Men seniň ykbalyna perwaýsyz garap bilmerin ahyry! (B. Pürliýew, Ilkinji gün)

  • Komandir özüni hiç ýitirmeýärdi, näme başa gelse, çekmegi boýun alan adamynyň berkleşen häsiýetinde perwaýsyz görnüşde özüni saklaýardy. (A. Gowşudow, Eserler)

  • Dükanlaryň perwaýsyz sakçylary possunlaryna dolanyp uka gidipdirler. (G. Kuliýew, Köpetdagyň Aňyrsynda)

  • Edebiýat tankydyna perwaýsyz garaýanlary ýazgarmak gerek. («Türkmenistan Kommunisti» žurnaly)