perişan

[peri:şa:n]

  1. Tukat, gaýgy-gussaly, hasratly.

    • Altynyň haly perişan bolup oturandygyny aňlaýanlary bardy. (N. Saryhanow, Saýlanan eserler)

  2. Ýaramaz, ýakymsyz görnüş, eleşan.

    • Ol gyz saçlaryny ýolup, perişan halda: -- Meni doktora alyp git! -- diýip ony gujaklady. (N. Pomma, Sebäbini soň bildim)

    • Bu pis açan faşistler maňa gör nähili azaplar berdiler, meniň abat ýüzümi perişan etdiler. (A. Gowşudow, Saýlanan eserler)