perde at

  1. Sahnanyň, gapynyň, äpişgäniň we ş. m. öňüne tutulýan tutdy.

    • Perdeler gerilgidi. (A. Gowşudow, Köpetdagyň eteginde)

    • Perde açylanda, Daňatar bilen Hally ikisi gürrüň edişip gelýärler. (A. Durdyýew, Saýlanan eserler)

    • Ýuwaş ýörän, tamyň çep dulundaky ýüzüne perde çekilen uly karta tarap gönükdi. (G. Kulyýew, Köpetdagyň aňyrsynda)

  2. Drama eseriniň bir bölegi, bir akty.

  3. Kirişli saz gurallarynyň sapyndaky berkidilen sim, bogun.

  4. Örtük.

    • Soganyň gabyklarynyň arasynda ýukajyk perdesi bar.

  5. Göçme manyda Nykap, maska.

ýüzüniň perdesini syrmak

seret ýüz1