perýat per‧ýat

[perýa:t]

  1. Ýangynly agy, güýçli aglama, agy-nala, uly gynanç.

    • Her ýersiz näz üçin çekmerin perýat. (G. Muhtarow, G. Seýitliýew, Bagbanyň gyzy)

  2. Arz, nalyş.

    • Ol perizat perýadymy aňmazmy? (G. Muhtarow, Pýesalar)

    • Ökde ökdäni görse, aýagytiträr, zarp urup, duşmany getir perýada. (K. Işanow, Watan üçin)

Ýazuw düzgüni

Soňuna çekimli ses bilen başlanýan goşulmalar ýa-da -rak goşulmasy goşulanda, sözüň soňundaky dymyk çekimsiz degişli açyk çekimsizine öwrülýär.

Meselem perýat - perýady.


Duş gelýän formalary
  • perýada
  • perýady
  • perýadymy
  • perýadyny
  • perýadyň
  • perýatdyr
  • perýatlar
  • perýatlardan
  • perýatlary
  • perýatsyz