peşeneli pe‧şe‧ne‧li sypat

Ýüz keşbi owadan, görmegeý; sypatly, syratly, gelşikli.

  • Kolhozçylar onuň deşli göwresine we peşeneli saryýagyz ýüzüne seredişler. (N. Pomma, Taýlak hyzzyn)

  • Şemalyň zor salmagyndan agzyna giräýjek bolup duran peşeneli gara murtuny çep eliniň ýeňsesi bilen sypalap goýberdi. (B. Pürliýew, Ilkinji gün)

  • Artygyň daýysy daýawlaç, sakgalynynyň ýarpydan köpi agaran, bugdaýreňk peşeneli adamdy. (B. Kerbabaýew, Aýgytly ädim)

  • Başyna gara gülli ýaglygy ýelbegeý atan, saçlarynyň ikiýan çekgesinden ýaňyjyk ak görnen peşeneli aýal bu gün Aýsoltanyň gözüne örän mähirli göründi. (B. Kerbabaýew, Aýsoltan)

  • Bolsa-da, peşeneli, bezemen ýigit eken, ýöne gyşyň bu günleri näme beýle çyplak çykdyka? (N. Pomma, Sebäbini soň bildim)


Duş gelýän formalary
  • peşenelije
  • peşenelilik