peşemek işlik

Öň aýaklaryň bilen ýeri dörmek, dörjelemek, oýmak (Käbir haýwanlar hakda).

  • Laçyn töweregindäki atlara haýbat atmak bilen ýer peşeýärdi. (B. Kerbabaýew, Aýsoltan)

  • Dor alaşa öň aýagynyň toýnagy bilen ýer peşedi. (B. Kerbabaýew, Aýgytly ädim)

  • Möjekler hem çalasynlyk bielen sowlup, ýene gapdaldan gar peşedýär. (A. Gowşudow, Köpetdagyň eteginde)


Duş gelýän formalary
  • peşedi
  • peşediler
  • peşeleriň
  • peşemek
  • peşese
  • peşeýän
  • peşeýärdi
  • peşäniň
  • peşäp
  • peşärin