peýwagtyna

Öz ygtyýaryna, öz erkine, asuda.

  • Çaly-çerkezler öz peýwagtyna çygşyldap otyr. (B. Kerbabaýew, Aýsoltan)

  • Obadaşlar! Men siziň ýanyňyza öz peýwagtyma, ýönekeý görme-görşe gelemok. (B. Kerbabaýew, Aýgytly ädim)

  • Ol ýerde mundan birnäçe ýyl ozal peýwagtyna gezip ýören ýaşajyk köşek gaýadan uçupdyr. («Ýaş Kommunist» gazeti)