peýda peý‧da at

[peýda:]

  1. Gowy, oňaýly netije, haýyr.

    • Toýjan, meniň häzir uçastoga ýa kontora gitmegim peýda bermez. (B. Kerbabaýew, Nebitdag)

    • Düýn iki iňňe urduk, şolar peýda edendir. («Sowet edebiýaty» žurnaly)

    • Hawa, Igli rast aýdýar, öwünmekden peýda ýok. (N. Pomma, Egri eýikmez)

  2. Kömek, ýardam.

    • Birine peýdam degse begenýän, zyýanym bolsa ýeter öýdemok. (B. Kerbabaýew, Yhlasa-Myrat)

  3. Söwda-satykdan görülýän haýyr.

peýda bolmak

Gelmek, görünmek, ýüze çykmak, döremek.

  • Başlyk peýda boldy onuň öňünde. («Sowet edebiýaty» žurnaly)

  • Aşagyna gün düşmez bakja peýda bolupdyr. (A. Gowşudow, Mähri-Wepa)


Duş gelýän formalary
  • peýda-da
  • peýdadan
  • peýdady
  • peýdadygyna
  • peýdadyr
  • peýdalar
  • peýdalara
  • peýdalardan
  • peýdalary
  • peýdalaryna
  • peýdalaryndan
  • peýdalaryny
  • peýdalarynyň
  • peýdalaryň
  • peýdaly
  • peýdalydy
  • peýdalydyr
  • peýdalydyrlar
  • peýdalyk
  • peýdalylary
  • peýdalylaryndan
  • peýdalylaryny
  • peýdalylygy
  • peýdalylygyna
  • peýdalylygyny
  • peýdalylygynyň
  • peýdalylygyň
  • peýdalylyk
  • peýdalysy
  • peýdalysynyň
  • peýdam
  • peýdamy
  • peýdamyzy
  • peýdamyş
  • peýdany
  • peýdanyň
  • peýdasam
  • peýdasy
  • peýdasy-da
  • peýdasydyr
  • peýdasyna
  • peýdasynady
  • peýdasynadyr
  • peýdasynamy
  • peýdasyndaky
  • peýdasyndan
  • peýdasyny
  • peýdasynyň
  • peýdasyz
  • peýdasyzdy
  • peýdasyzdyr
  • peýdasyzlar
  • peýdasyzlary
  • peýdasyzlarynyň
  • peýdasyzlygyň
  • peýdasyzlyk
  • peýdaň
  • peýdaňa
  • peýdaňdan