peç peç

Jaýy gyzdyrmak, nahar bişirmek we ş. m. Üçin kerpiçden ýa-da demirden edilen enjam, gurluş.

  • Tamyň üçinde peç ýanmaýardy. (A. Gowşudow, Powestler we hekaýalar)

  • Tamyň ortasynda bolsa, daşyny gallap oturar ýaly çoýun peç oturdypdyrlar. (N. Pomma, Sebäbini soň bildim)

Ýazuw düzgüni

Çekimlisi uzyn aýdylýandygy üçin çekimli ses bilen başlanýan goşulma ýa-da -räk goşulmasy goşulanda, sözüň soňundaky dymyk çekimsiz degişli açyk çekimsizine öwrülýär.

Meselem peç - pejim, pejiň.


Duş gelýän formalary
  • peje
  • pejem
  • peji
  • peji-de
  • pejidir
  • pejimde
  • pejimiz
  • pejimiziň
  • pejin
  • pejinde
  • pejinden
  • pejine
  • pejini
  • pejiniň
  • pejiň
  • peçde
  • peçden
  • peçdäki
  • peçler
  • peçlerde
  • peçlerden
  • peçlerdir
  • peçlere
  • peçleri
  • peçlerimiz
  • peçlerinde
  • peçlerinden
  • peçlerindäki
  • peçlerini
  • peçleriniň
  • peçleriň
  • peçli