Gowrulmak netijesinde açylan mekgejöwen, gowrulan mekgejöwen.
Etmekçidim patrak, boldy bary çetrek. («Türkmen halk şahyrana döredijiligi»)
«Zarpçy» kolhozynyň aňyrsy-bärsi görünmeýän göm-gök gowaçalarynyň gozalary patrak ýaly açylyşypdyr. (A. Durdyýew, Saýlanan eserler)
Soňuna çekimli ses bilen başlanýan goşulmalar ýa-da -rak goşulmasy goşulanda, sözüň soňundaky dymyk çekimsiz degişli açyk çekimsizine öwrülýär.
Meselem patrak - patragy.