Patdyldyly ses çykarmak, patdyldyly ses etmek.
Inçemik uzyn murtlary aşak sallanan uzyn işçi ýerinden galdy-da, köne papagyny oturgyja patladyp urdy. (B. Kerbabaýew, Aýgytly ädim)
Tihomirow ýassygynyň aşagyndaky küti portfelini dyzynyň üstünde goýup, elini patladyp urdy. («Sowet edebiýaty» žurnaly)
Gepleşik dili Urmak.
Ol sag eli bilen onuň arkasyna patlatdy.
Soňuna çekimli ses bilen başlanýan goşulmalar ýa-da -ýar goşulmasy goşulanda, sözüň soňundaky dymyk çekimsiz degişli açyk çekimsizine öwrülýär.
Meselem patlatmak - patladýar, patladar, patladypdyr.