pata pa‧ta 1

[pa:ta:]

Dini söz Öleniň hatyrasy üçin, onuň ýakyn adamlarynyň ýanyna baryp gynanç bildirip gaýtmaklyk däbi.

  • Edil pata barýan ýalydylar. («Görogly» eposy)

  • Uş wagt hem bir pata bolarmy?! (A. Gowşudow, Powestler we hekaýalar)

pata almak

Ölenligiň ykrar edip, pata gelýänleri kabul etmek.

  • Ýaňy-ýakynlykda, bir-iki günlükde onuň patasyny aldylar. («Sowet edebiýaty» žurnaly)

pata pa‧ta 2

[pa:ta:]

ak pata bermek

Gowy niýet bilen birine arzuw etmek, açyk ýol, işde üstünlik gazanmagyny islemek.

  • Sansyz ýyldyzlary dury asmanyň, gutlap täze ýolun bu ýaş ynsanyň, Şowlulyk patasyn berýän ýalydy. («Sowet edebiýaty» žurnaly)

  • Atam, ak pata ber-de, Gel ogluňy ýola sal. (Çary Aşyr, Poemalar)

pata ýa ak pata almak

«Ýoluň ak bolsun, işiň şowly bolsun!» diýlen dilegi kabul etmek.

  • Men Gara däli gökleňden pata alandyryn. (N. Saryhanow, Saýlanan eserler)


Duş gelýän formalary
  • pata-da
  • patalarda
  • patalaryny
  • patalaryň
  • patam
  • patanyň
  • patasy
  • patasyna
  • patasynda
  • patasyndan
  • patasyny
  • pataňy
  • pataňyzy