parryklatmak par‧ryk‧lat‧mak işlik

Burundan howa alyp dem çykaryp, parryldyly ses etdirmek, burun açmak.

  • Ýorga hopugýan ýaly burnuny parrykladýardy. (B. Kerbabaýew, Aýgytly ädim)

  • Ol tanapyny süýrän, burnuny parrykladyp, ondan-oňa dazyrdap ýördi. (B. Kerbabaýew, Aýgytly ädim)

Ýazuw düzgüni

Soňuna çekimli ses bilen başlanýan goşulmalar ýa-da -ýar goşulmasy goşulanda, sözüň soňundaky dymyk çekimsiz degişli açyk çekimsizine öwrülýär.

Meselem parryklatmak - parrykladýar, parrykladar, parrykladypdyr.


Duş gelýän formalary
  • parrykladyp
  • parrykladýardy