parlak par‧lak

  1. Edebiýat termini Ýalpyldap nuruny saçýan, ýagty yşyk berýän.

    • Emma ýeňiş ylhamyna joşan gyz, parlak günüň dogjagyna ynanýar. (B. Kerbabaýew, Aýlar)

    • Parlak Gün şuglasy-da bu gyzyň asly görküne görk goşýan ýalydy. (A. Gowşudow, Saýlanan eserler)

  2. Parlap öwüsýän, öwşün atyp duran.

    • Beýik bagyň parlak güli, Güllere seýrana geldi. (G. Muhtarow, G. Seýitliýew, Bagbanyň gyzy)

    • Giç doganna käte ökünýän ýaly, Parlak ýüzne perde çeken mysaly. Serediň siz onuň parlak gözüne, Şar gara saçlarna, güler ýüzüne. (N. Pomma, Saýlanan eserler)

Ýazuw düzgüni

Soňuna çekimli ses bilen başlanýan goşulmalar ýa-da -rak goşulmasy goşulanda, sözüň soňundaky dymyk çekimsiz degişli açyk çekimsizine öwrülýär.

Meselem parlak - parlagy.


Duş gelýän formalary
  • parlakdy