Iki zadyň arasyndaky tapawut, meňzeş dällik, hil, sypat, görnüş we ş. m. taýdan üýtgeşiklik bildirýän alamat.
Meniň üçin parhy ýok: -- seniň öýüň -- meniň öýüm, meniň öýüm -- seniň öýüň! (B. Kerbabaýew, Aýsoltan)
Ýüregiň ýaş bolsa bolýar, saçyň ak boldy, gara boldy, parhy ýok. (B. Dürliýew, Ilkinji gün)
Sowet adamlary heý biri-biriniň milletiniň aýralygyna parh goýarmy?! (B. Soltannyýazow, Kümüş)
Perwaýyna, azaryna, gaýgysyna dällik.
Ýylyň aýyň geçişi onuň parhyna däldi. («Tokmak» žurnaly)