paralamak pa‧ra‧la‧mak işlik

[pa:ralamak]

seret parçalamak

  • Molla gylçynyň baldyryny paralady we mandala balagyny ýyrtdy. (A. Gowşudow, Powestler we hekaýalar)

bagyr paralamak

Jan paralamak.

  • Iş zatlar hakynda çigit ýaljak pikir edýärmiň?! -- diýip, Ejegül bagryny paralap aýtdy. (A. Durdywew, Saýlanan eserler)

jan paralamak

seret jan

  • Bir adam sakgalyny sallap, jan paralap, töhmetdigini gürrüň berýär-ow, ýene bu ýalan töhmet üçin bigünä oglanyň üstüne gylyç alyp topulýar -- diýdi. (A. Gowşudow, Mähri-Wepa)

ýürek paralanmak

seret jan paralamak jan paralamak

  • Ol bozlap aglaýan welin, ýüregimi paralap barýan. (N. Pomma, Sebäbini soň bildim)


Duş gelýän formalary
  • paralady
  • paraladym
  • paraladyň
  • paralamak
  • paralamandy
  • paralan
  • paralandy
  • paralap
  • paralapdym
  • paralar