parahatly pa‧ra‧hat‧ly sypat

[para:hatly]

  1. Uruş-galmagalsyzlyk, dawasyzlyk, dostluk, asudalyk, azatlyk, dynçlyk, dem-dynçlyk.

    • Parahatlyk tarapdarlarynyň bütinsoýuz konfereňsiýasyna gidýän Aýsoltan şol tämiz howada samolýota münmäge taýynlanýardy. (B. Kerbabaýew, Aýsoltan)

    • Bolsun biziň zamanamyz, hemişelik parahatlyk. (K. Işanow, Watan üçin)

    • Meniň beýlik watanym parahatlyk diregi, parahatlyk söýýänleň biziň bilen ýüregi. (R. Alyýew, Kommunizm ýolunda)

  2. Gaý-harasatsyzlyk, ümsümlik, mylaýymlyk.

    • Bütin töwerek dym-dyrs, parahatlykdy. (B. Kerbabaýew, Aýgytly ädim)

  3. Ýuwaşlyk, asyllylyk.

    • Az salym dymşanlaryndan soň, garly hemişeki parahatlygy bilen -- Aslynda bu gürrüňleri kimler tapýar? -- diýdi. (A. Gowşudow, Powestler we hekaýalar)

  4. Parahatlyk, arkaýynlyk.

    • Parahatlyk bilen alýar demini. Deňziň ýakasynda oturan şäher. (Ş. Boržakow, Kaspi kenarynda)


Duş gelýän formalary
  • parahatlylygy
  • parahatlylyk