[para:hat]
Uruş-galmagalsyz, dawasyz, agzybir, dostlukly, asuda, dynç.
Sözleşeliň Adalatyň haky üçin, Parahat durmuşda dostluk beki üçin. («Oktýabr ýalkymy»)
Ajaýyp zat -- ýeriň ýüzi parahat, balalarym ylym alýar rahat. (N. Pomma, Sebäbini soň bildim)
Gaý-harasatsyz, ümsüm, mylaýym.
Diýdim men gaýdamda: -- Ak sen parahat, ekinmi garaşýar, arçadyk ýoluň. (N. Pomma, Saýlanan eserler)
Emma ol tokaýlar bu günlerde parahat däldiler. (B. Soltannyýazow, Kümüş)
Howa gaý bolmasa, parahat bolsa, kasni-de ýuwaşdyr- ýadan ýalydyr. (Ş. Boržakow, Kaspi kenarynda)
Ýuwaş, asylly.
Salyh işan, sen örän parahat bolmaly! («Sowet edebiýaty» žurnaly)
Ol köçäniň ortasyndan parahat barýardy.
Meni şol jenaýatyň başyna elten hem seniň kakaňdy -- diýip, Gurt parahat bir görnüşini saklap jogap berdi. (A. Gowşudow, Mähri-Wepa)
Gyzykly gürrüňler bilen gijäniň köpüsini geçirenlerinden soň sagat bäri parahat ukuda ýatyrdylar. (A. Gowşudow, Powestler we hekaýalar)
Soňuna çekimli ses bilen başlanýan goşulmalar ýa-da -rak goşulmasy goşulanda, sözüň soňundaky dymyk çekimsiz degişli açyk çekimsizine öwrülýär.
Meselem parahat - parahady.