[pa:myk]
Pagta süýümi.
Gök gowaça ülpüldedip pamygyn, gozalardan sümeklerin sallady. (B. Kerbabaýew, Aýlar)
Ýaşyl ýapraklaryň arasy bilen göze kaklyşýan ýek-tük ak pamyklar, göýä diýersiň, şol mähnet güneşiň syçrantgysy ýaly ýylpyldaşýardy. (B. Kerbabaýew, Aýsoltan)
Gara bulut gaçýan gün batar sary, gyzyl gana boýan pamyk dek gary. (Çary Aşyr, Poemalar)
Soňuna çekimli ses bilen başlanýan goşulmalar ýa-da -rak goşulmasy goşulanda, sözüň soňundaky dymyk çekimsiz degişli açyk çekimsizine öwrülýär.
Meselem pamyk - pamygy.