Diýeniň bolmazlyk, aýdanyň ýer tutmazlyk eden maksadyň iş ýüzüne geçmezlik, işiň şowsuz bolmaklyk.
Gylyç gajar ogly paltasy daşa degenden soň ýoldaşlaryna -- Meni Mamagül bilen ýaraşdyrsaňyzlaň! -- diýip, asyrynlyk bilen ýalbaryp, ýüz tutup hem gördi. (N. Pomma, Taýlak hyzzyn)
Onuň ol kärinden paltasy daşa degipdi. (A. Durdyýew, Saýlanan eserler)