palaw

Ýagda gowrulan etiň üstüne sogan, käşir dogralyp, suw guýlup, tüwüden bişirilýän nahar.

  • Kepçe bilen agdarylýan palawlardan reňkli çanaklara guýulup, hatara öýlere tabak çekilýärdi. (B. Kerbabaýew, Aýgytly ädim)

  • Ol bir sapar palaw, bir sapar hem kebap, etli börek-her haýsyndan iýýärdi. (A. Gowşudow, Powestler we hekaýalar)

  • Häzir bu iki dostuň arasynda üsti etli bir çanak palaw hem gapdallarynda iki sany ullakan çäýnek durýardy. (A. Gowşudow, Köpetdagyň eteginde)

  • Gury sözden palaw bolmaz, ýag bilen tüwisi bolmasa. (nakyl)

berseler iýersiň ýagly palawy

Göwnüň islänini başarsaň edersiň, eliňden gelse edersiň.