palata

  1. Könelişen söz Owadan uly köşk, ymarat.

  2. Medisina Keselhanalarda, kesel bejerilýän edaralarda aýratyn bir otag, tam.

    • Palata menden başga ýene iki syrkaw bardy. («Sowet edebiýaty» žurnaly)

    • Gije-gündüz palatada aýlanyp, Kimsine süýt, kimsine suw getirýär. (B. Kerbabaýew, Aýlar)

    • Nurjahan ak ýektaý geýip, palata giren wagty, Myrat töweregine göz gezdirip ýatyrdy. (B. Pürliýew, Ilkinji gün)