palas pa‧las

[pala:s]

Dokalyp taýýarlanylýan, kilimden uly düşek.

  • Ol barly ýerleriň gyzlary ýaly, juda aňrybaş agyr şaýly-sepli bolmasa-da, iki sany ojakbaşy, bir düýp haly, bir gülli palas edinipdir. (A. Gowşudow, Saýlanan eserler)

  • Haly, palas, çuwaldan doly tamlaryň içi. (A. Kekilow, Saýlanan eserler)

  • Tamyň içini dolduryp duran iki sany agyr palas edil haly ýaly görünýär. (N. Pomma, Sebäbini soň bildim)

palas haky

Alynjak gelinlik gyzyň ýanynda oturanlary palasdan düşürmek üçin, gelin almaga gelenleriň berýän puly.

  • Diýdiler: --Kän beriň palas hakymyz bermeseňiz, turara ýok çakymyz! (B. Kerbabaýew, Eserler Toplymy)


Duş gelýän formalary
  • palasa
  • palasda
  • palasdan
  • palasdyr
  • palaslar
  • palaslara
  • palaslary
  • palaslarynda
  • palaslaryny
  • palaslarynyň
  • palaslaryň
  • palasly
  • palasy
  • palasyma
  • palasyna
  • palasyny
  • palasyň