palan

  1. Keçeden bejerilýän we gaňňa deregine eşege salynýan esbap.

    • Aman aga eşegine palan saldy.

  2. Ýük daşamak üçin hammalyň goluny geçirip arkasyna geýýän enjamy.

    • Palanyň astynda hammalyga ýüz uraryn. (B. Kerbabaýew, Aýgytly ädim)

eşekden palan alança görmezlik

seret eşek

  • Hojam aga, ol şerti bitirmek meniň ýanymda, eşekden palan alança -- da ýok! (A. Gowşudow, Köpetdagyň eteginde)

  • Al, şu eje-de ýalan sözlemäni eşekden palan alança-da görmeýär. (A. Durdiýew, Saýlanan eserler)