palçyk pal‧çyk

  1. Toprak bilen suw garylyp, gurluşyk işlerinde peýdalanylýan, hamyra meňzeş laý.

    • Onuň howlusynyň daş-töweregine aýlanan diwary palçykdan salnan galyň haýatdy. (A. Gowşudow, Powestler we hekaýalar)

    • Çaýhana daşy palçykdan suwalgy bir jaýdy. (A. Durdyýew, Saýlanan eserler)

  2. Ýagyş ýagmagyndan ýa-da umuman suw dökülmeginden we ş. m. öl bolan, ezilen toprak.

    • Ýer örän palçyk bolup, ýöremek mümkin däl. («Pioner» žurnaly)

    • Doguşdan-da, poliseýlerden biri palçyga bulaşyp ýatyrdy. (G. Kulyýew, Köpetdagyň aňyrsynda)

Ýazuw düzgüni

Soňuna çekimli ses bilen başlanýan goşulmalar ýa-da -rak goşulmasy goşulanda, sözüň soňundaky dymyk çekimsiz degişli açyk çekimsizine öwrülýär.

Meselem palçyk - palçygy.


Duş gelýän formalary
  • palçyga
  • palçygy
  • palçygyna
  • palçygyndan
  • palçygyny
  • palçygynyň
  • palçygyň
  • palçykda
  • palçykdaky
  • palçykdan
  • palçykdy
  • palçykdyr
  • palçyklar
  • palçyklary
  • palçyklarydyr
  • palçyklaryna
  • palçyklarynda
  • palçyklarynyň
  • palçyklaryň
  • palçykly
  • palçyklygy
  • palçyklyk
  • palçyklylara