pakyrdy

Şowhunly gülki, gopgunly atyşyk ýa-da birnäçe zadyň birden ýarylmagy, döwülmegi we ş. m. zerarly döreýän ses.

  • Bir pakyrdy boldy, awtomatlar tüsse bilen dem alyp başlady. (A. Gowşudow, Eserler)

  • At aýagynyň güpürdisine, tüpeň pakyrdysyna, atgulaklaryň pasyrdysyna çydam bermän, Meleguş güpürdi urdy, diriň-diriň bökdi. (B. Kerbabaýew, Aýgytly ädim)

pakyrda bermek

Gülüşmek.

  • Dokmaçylaryň hemmesiniň gözi ussanyň syrtyndaky «atgulaga» düşdi, bary birden pakyrdaberdiler. (A Durdyýew, Saýlanan eserler)