pakyrdatmak işlik

Pakyrdyly ses çykarmak, pakyrdyly ses etmek.

  • Eziz kädiniň suwuny yzly-yzyna pakyrdatdy. (B. Kerbabaýew, Aýgytly ädim)

  • Halnazar aýakly çilimi bir-iki gezek pakyrdatdy-da, içine çekdi. (B. Kerbabaýew, Aýgytly ädim)

Ýazuw düzgüni

Soňuna çekimli ses bilen başlanýan goşulmalar ýa-da -ýar goşulmasy goşulanda, sözüň soňundaky dymyk çekimsiz degişli açyk çekimsizine öwrülýär.

Meselem pakyrdatmak - pakyrdadýar, pakyrdadar, pakyrdadypdyr.