pakgyldatmak işlik

Pakgyldyly ses çykarmak, pakgyrdyly ses etmek.

  • Aşyr agzyny pakgyldatdy. (B. Kerbabaýew, Aýgytly ädim)

  • Ol tüýküligi tükenen agzyny pakgyldatdy. (B. Kerbabaýew, Aýgytly ädim)

  • Kirpigi selçeňlän, gyzgylt gözlerini gyrpyldadyp, salpy dodaklaryny pakgyldatyp gepledi. (B. Kerbabaýew, Nebitdag)

Ýazuw düzgüni

Soňuna çekimli ses bilen başlanýan goşulmalar ýa-da -ýar goşulmasy goşulanda, sözüň soňundaky dymyk çekimsiz degişli açyk çekimsizine öwrülýär.

Meselem pakgyldatmak - pakgyldadýar, pakgyldadar, pakgyldadypdyr.