paket

  1. Içine zat salmak üçin kagyzdan edilen bukja, haltajyk.

    • Indi olaryň üstüne uly paketleri salnan ok-därini paraşýut bilen taşlaýardylar. (O. Gonçar, Baýdak göterijiler)

    • Tagtalardan ýasalýan ýaşjykleri kagyz we karton paketler bilen çalşyrmak mümkin dälmi? («Ýaş Kommunist» gazeti)

  2. Içi hatly bukja.

indiwidular paket

Ilkinji medisina kömegini bermek üçin ýara saralýan ýörite gaplanan bint bilen pamyk.