Içinde maňzy bolmadyk, içi boş, maňyzsyz.
Ol özünüň başyndan geçiren muşakgatly agyr günlerini, hemme eden arzuwlaryny ýadyna saldy we bary bir biderek pak, çüýrük hoz ýaly puja çykdy diýip hasaplady. (A. Gowşudow, Powestler we hekaýalar)
Göçme manyda Puç, netijesiz, biderek, boş.
-- Men ony etdim, muny etdim- diýip çykyp gepläp, söz owadanlap ýörýärdile, onuň ol sözleriniň hemmesi pakmy? (A. Gowşudow, Köpetdagyň eteginde)