pagyş-para pa‧gyş-pa‧ra

[pagyş-pa:ra]

pagyş-para bolmak

Bölek-bölek bolup dargamak, böleklere bölünmek, döwülmek.

  • Pagyş-para bolanda gözel-gözel ymarat, Soýuzyň ähli künji doganlyk goly uzatdy. (Ž. Ilmyradow, Aýgün)

pagyş-para eremek

  1. Süňňüň gowşamak özüňi ýitirmek, halys ysgyndan gaçmak.

    • Artygyň sesi aýnanyň gulagyna ilende, özüni bir hili pagyş-para eräp barýan duýdy. (B. Kerbabaýew, Aýgytly ädim)

    • Ol ony görende, pagyş-para ereýärdi, howanyň çytasunlygyna garaman derleýädi. (B. KerbabaýewAýsoltan)

  2. Eräp suw bolup akmak.

    • Häzir welin onuň ähli höwesi, nowruz gününiň gary ýaly pagyş-para eredi. («Sowet edebiýaty» žurnaly)