Oba hojalygyň gowaça ösdürip, pagta hasylyny alýan pudagy.
Ol karar pagtaçylygy ýokary götermegi göz öňünde tutýar. («Türkmenistan kommunisti» gazeti)
Aýallar žurnaly üçin pagtaçylykdan makala soraýardylar ýa-da klublaryň birine çagyrýardylar. (B. Kerbabaýew, Aýsoltan)
Ozalky sekiz briganyň üstüne ýene bir pagtaçylyk brigadasyny döretmeli bolýarys. («Sowet edebiýaty» žurnaly)
Durdynyň aýtmagyna görä, ol pagtaçylyk paýonlarymyzyň bizinde mal doktory bolup işleýärmişin. (N. Pomma, Taýlak hyzzyn)
Bir işiň ýagdaýy bilen tanyşmak üçin 2-nji brigadanyň pagtaçylyk meýdanyna aýlanýarys. (B. Pürliýew, Ilkinji gün)
Soňuna çekimli ses bilen başlanýan goşulmalar ýa-da -rak goşulmasy goşulanda, sözüň soňundaky dymyk çekimsiz degişli açyk çekimsizine öwrülýär.
Meselem pagtaçylyk - pagtaçylygy.