paglatmak işlik

  1. Paggyldyly ses çykarmak, zogladyp goýbermek.

    • Asyl arzan etiň çorbasy çykmaz, Pagladyp guýsaň-da daşa suw ýokmaz. («Sowet edebiýaty» žurnaly)

  2. Atyp goýbermek, gümpüldemek.

    • Bäşatarynyň agzyny ýokary tutup pagladyp goýberdi.

  3. Ýalan-ýaşryk gürrüň bermek, güplemek, ýalan sözlemek.

Ýazuw düzgüni

Soňuna çekimli ses bilen başlanýan goşulmalar ýa-da -ýar goşulmasy goşulanda, sözüň soňundaky dymyk çekimsiz degişli açyk çekimsizine öwrülýär.

Meselem paglatmak - pagladýar, pagladar, pagladypdyr.