pagbent

Gülle, seçme deregine peşeňe pagta, keçe, mata bölekleri salynyp atylýan ok.

  • Tüpeňiň agzyndan çykan pagtebent ýalny uzaga gitmän ýaýrady. (B. Kerbabaýew, Aýgytly ädim)

  • Aslynda ölen gije gazaňkylygy ýagtyldyp, gaza öýüň atylan pagtabent tüpeňleriň sesinden soň oba habar tapandyr. (A. Gowşudow, Eserler)

  • Biz ýöne, gorkuzmak üçin pagtabent doldurylan tüpeňi alyp ugradyk. (M. Ý. Lermontow, Biziň zamanymyzyň gahrymany)

Ýazuw düzgüni

Soňuna çekimli ses bilen başlanýan goşulmalar ýa-da -räk goşulmasy goşulanda, sözüň soňundaky dymyk çekimsiz degişli açyk çekimsizine öwrülýär.

Meselem pagbent - pagbendi.