pagşyldatmak pag‧şyl‧dat‧mak işlik

  1. Pagşyldyly ses çykarmak.

    • Bekdurdy aga onuň naýynjar sesini eşidip, pagşyldadyp penjiräniň aýnasyny döwdi. (N. Pomma, Sebäbini soň bildim)

  2. Çym pytrak edip döwmek, batly urup ýa-da gaçyryp, bölek-bölek edip syndyrmak, kül-uşak etmek.

    • Elindäki çäýnegi elinden gaçyryp pagşyldatdy.

Ýazuw düzgüni

Soňuna çekimli ses bilen başlanýan goşulmalar ýa-da -ýar goşulmasy goşulanda, sözüň soňundaky dymyk çekimsiz degişli açyk çekimsizine öwrülýär.

Meselem pagşyldatmak - pagşyldadýar, pagşyldadar, pagşyldadypdyr.


Duş gelýän formalary
  • pagşyldadyp
  • pagşyldatdy