pažžyldatmak işlik

Pažžyldyly ses çykarmak, pažžyldyly ses etdirmek.

  • Inçemik ellerini pažžyldatyp, suwa düşünýänini çala ýadyna getirýärdi. (B. Kerbabaýew, Aýgytly ädim)

Ýazuw düzgüni

Soňuna çekimli ses bilen başlanýan goşulmalar ýa-da -ýar goşulmasy goşulanda, sözüň soňundaky dymyk çekimsiz degişli açyk çekimsizine öwrülýär.

Meselem pažžyldatmak - pažžyldadýar, pažžyldadar, pažžyldadypdyr.