paňlamak işlik

Gopbamsyrap çişmek, hondan bärsi bolan bolmak, güpläp öwünmek.

  • Önümiň hiline seretmän gelip, öwünip paňlamak söýgüli käri. («Tokmak» žurnaly)

  • Synçynyň ýanynda-da ullakan-ullakan gürläp paňlapdy. («Sowet edebiýaty» žurnaly)

  • Paňlan bolmasana, ir gelip bir gün, bu uzak ýaryşdyr, soňuny görgün. («Sowet edebiýaty» žurnaly)