paýtun paý‧tun at

[paýtu:n]

Könelişen söz Adam gatnatmak üçin ulanylýan, dört tigirli hem-de ressorly, at goşulyp sürülýän furgona meňzeş ekipaž, paýtun.

  • Gulman hemme kişiniň gözünüň öňünde öz howlusyna baka sowlan paýtunyň gapdalynda hompuldap ylgaýardy. (A. Gowşudow, Powestler we hekaýalar)

  • Awtobuslarmy paýtunlarmy, arabalarmy, iki ýana gatnaşýan adamlarymy ýere gurt düşen ýaly bolup görünýärdi. (A. Durdyýew, Saýlanan eserler)

  • Gördüm, häli şu käçeniň burçunda dört adam bolup, paýtun tutup, münüp gitdiler. (A. Durdyýew, Saýlanan eserler)


Duş gelýän formalary
  • paýtuna
  • paýtunda
  • paýtundan
  • paýtunlar
  • paýtunlara
  • paýtunlarmy
  • paýtunlary
  • paýtunly
  • paýtuny
  • paýtunyna
  • paýtunynda
  • paýtunyndan
  • paýtunyny
  • paýtunynyň
  • paýtunyň
  • paýtunça