[pa:ýlanmak]
Bölünip berilmek, üleşdirilmek.
Bä ýer-suw hemmelere deň-derman paýlanjak bolsa, ondan maňa-da ýetermikän?! (B. Kerbabaýew, Aýgytly ädim)
Goý, bular bu gün biragyzdan biziň toýumyzyň bekewüli bolsun -- diýip, olaryň üçisini birden baýrak paýlanjak ýere bakan çekýärdi. (B. Kerbabaýew, Nebitdag)
Köpçülige ýaýaradylmak, dargadylmak, pytradylmak.
Medeni güýçler has deň derejede paýlanýar. («Sowet edebiýaty» žurnaly)